top of page
Swimming Pool

Suwda ýüzmek

Suwda ýüzmek boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, Arkadag şäherinde hem-de paýtagtymyz Aşgabatda döwrebap suw howdanlarynda 50-ä golaý tälimçiler 1000-e golaý türgenler bilen zähmet çäkýär. Sportuň bu görnüşi boýunça 2001-nji ýyldan dünýä çempionatlaryna, 2004-nji ýyldan bäri Tomusky Olimpiýa Oýunlaryna, 2006-njy ýyldan bäri Aziýa oýunlaryna türkmen türgenleri yzygiderli gatnaşýar.

Ýurdumyzda ilkinji gezek 2007-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşynyň Olimpiýa-suw toplumynda suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşy geçirildi. 2017-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginde Inspiring Ashgabat atly halkara ýaryşy (gysga howdan) we  Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň çäklerinde suwda ýüzmek boýunça ýaryşy üstünlikli geçirildi.​

Ýokary görkezijiler

Suwda ýüzmek boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary 1997-nji ýyldan bäri dürli derejeli halkara ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşýarlar we soňky ýyllarda bu ugurdan uly üstünlikler gazanylýar. Muňa mysal hökmünde aşakdaky iri halkara ýaryşlarynda gazanylan üstünlikleri görkezip bolar.

Yslam raýdaşlyk oýunlary
Azerbeýjan, Baku - 2015

Ady, familiýasy
Ýüzen aralygy
Görkezen wagty
Eýelän ýeri
Ataýew Merdan
50 metr, arkanlaýyn
25.82
2
Ataýew Merdan
100 metr, arkanlaýyn
55.44
2

Aziýa çempionaty
Hindistan, Bengaluru - 2019

Ady, familiýasy
Ýüzen aralygy
Görkezen wagty
Eýelän ýeri
Ataýew Merdan
100 metr, arkanlaýyn
26.36
2
Ataýew Merdan
50 metr, arkanlaýyn
55.28
2

Dünýä kubogy
Katar, Doha - 2019

Ady, familiýasy
Ýüzen aralygy
Görkezen wagty
Eýelän ýeri
Ataýew Merdan
100 metr, arkanlaýyn
55.57
5

Suwda ýüzmek boýunça Türkmenistanda geçirilen ýaryşlaryň hasabatlary

Türkmenistanyň birinjiligi
2024

Türkmenistanyň çempionaty
2024

Türkmenistanyň kubogy
2023

Türkmenistanyň çempionaty
2023

Türkmenistanyň çempionaty
2022

Türkmenistanyň rekordlary

25 metr aralykda

50 metr aralykda

bottom of page